«Täze aý» içerki we daşarky bazara täze konditer önümleri hödürledi

«Täze aý» içerki we daşarky bazara täze konditer önümleri hödürledi. Bu barada «Rysgal» gazetiniň №3 (750) belgili şu günki sanynyň 4-nji sahypasynda neşir edilen «Täze görnüşli önümler» atly makalada habar berildi.

«Täze aý» haryt nyşanly konditer önümleri içerki we daşarky bazarda diýseň meşhurlyga eýedir. Çünki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Guwançmyrat Orazowyň ýolbaşçylyk edýän önümçilik kärhanasynyň hünärmenleri hemişe täzeçilligiň gözleginde bolup, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde halkymyza täze önümleri — çipsileri we tüwüden, ýeňil bugdaýdan patraklary hödürleýärler.

Mälim bolşy ýaly, Mary welaýatynda ýerleşýän kärhananyň süýji ugruna Ýewropa döwletleriniň, köke ugruna bolsa Türkiýe döwletiniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, her günde umumylykda ençeme tonna barabar süýji-köke önümleri öndürilýär. Bu ýerde ýaşlaryň ýüzlerçesine öndürijilikli zähmet çekmek üçin iş orunlary we amatly şertler döredilipdir. Şoňa görä-de, olaryň tagallasy bilen önümleriň görnüş sany ýüzlerçä ýetýär, önümçilik sanawnamasy barha giňeldilýär. Bu önümleriň hatarynda «Sarwan», «Zemin», «Süýji dünýä» şokolad örtükli, «Şowhun» marmelad, «Süýji durmuş» şokolad örtükli marmelad süýjüleriniň we beýlekileriň örän geçginlidigini bellemek bolar.

Şu jähetden alnanda, kärhananyň täze önümleri hem eýýämden uly hyrydarlyga eýe bolýar. Çünki «Weekend» tebigy arpabadyýanly we şibitli ýeralmadan çipsileri-de, «Şowhun» mekgejöwen taýajyklary-da, beloklardyr uglewodlar bilen baýlaşdyrylan «Salýut» şekeriň goýy şiresi bilen örtülen ýeňil tüwüleri-de, şeker bilen örtülen ýeňil bugdaý patraklary-da ýakymly tagama, hoşboý ysa eýe bolup, bir gezek dadyp göreniň ýadyndan çykmaýar. Şoňa görä-de, beýleki konditerler bilen bir hatarda, täze önümler hem ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän ak bazarlara, söwda nokatlaryna yzygiderli ugradylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, «Täze aý» haryt nyşanly önümleriň daşary ýurtlara eksportynyň ýola goýlandygyny bellemek gerek. Munuň özi bu önümleriň halkara hil derejesine doly laýyk gelýändigini, ekologiýa taýdan arassadygyny tassyklaýar. Şeýlelikde, «Täze aýyň» tebigy çig maldan taýýarlanýan täze çipsi we patrak önümleri raýatlarymyz, aýratyn-da, körpeler üçin ajaýyp sowgat boldy.

Ответить