«Tesla» ABŞ – Hytaý ykdysady-söwda hyzmatdaşlygynyň pajarlap ösmegine goşant goşar

«Tesla» kompaniýasy ABŞ – Hytaý ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň pajarlap ösmegi üçin goşant goşmaga taýýar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň başlygynyň orunbasary Han Çeng bilen «Tesla» kompaniýasy baş direktory Ilon Maskyň Waşingtonda bolan (ABŞ) duşuşygyndan soň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň beren beýanatynda aýdylýar diýip, «aniq.uz» internet neşiri habar berdi.
Hytaýyň Daşary işler ministrligi Ilon Maskyň sözlerine salgylanyp, ««Tesla» kompaniýasy Hytaý bilen maýa goýumlaryny we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle hem ABŞ – Hytaý ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň ösmeginde oňyn rol oýnamaga taýyn» – diýip beýanat berdi.
Ýadyňyzda bolsa, 2019-njy ýylda Şanhaýda «Tesla» zawody açyldy. «Megapack» energiýa akkumulýatorlarynyň köpçülikleýin önümçiliginiň 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Amerikan öndürijisi «Tesla» kompaniýasynyň Hytaý metropolisindäki gigafabrikasynda başlamagyna garaşylýar.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň beren beýanatyna görä, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Han Çeng 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwary güni Waşingtonda ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň işewür toparlary, şol sanda ABŞ – Hytaý işewür geňeşi we ABŞ-nyň Söwda palatasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi.
Syýasatçy Amerikan kompaniýalarynyň Hytaýa maýa goýmagy dowam etdirjekdigine, iki tarapyň arasynda köpri roluny işjeň ýerine ýetirjekdigine we Hytaý – ABŞ gatnaşyklarynyň durnukly we sagdyn ösmegine has köp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.