«Tesla» elýeter bahadan ekologiki taýdan arassa öý görkezdi

«Tesla» elýeter bahadan ekologiki taýdan arassa öý görkezdi. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Ilon Maskyň kompaniýasy elýeter öý görkezdi» atly makalada habar berildi.
Maglumatlara görä, Ilon Mask ýene hemmeleri haýran galdyrdy. Bu gezek dünýäniň iň baý adamynyň kompaniýasy «Tesla» elýeter bahadan ekologiki taýdan arassa öý görkezdi. Gün energiýasy bilen işleýän bu öýüň bahasy 10 müň amerikan dollaryna deň bolar. Öýüň üçeklerinde gün panelleri oturdylandyr. Daşky çeşmelerden peýdalanman, öýi elekrtik energiýasy bilen üpjün etjek «Powerwall» sistemasynyň hem barlygy bellärliklidir. Gün panelleri energiýany gündizine toplaýar, «Powerwall» sistemasy bolsa gijelerine ýa-da ümürli, bulutly günler öýi elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin ony saklaýar. Şeýle-de beýlekiler bilen deňeşdireniňde, bu öýi gurmak aňsat we onuň gurluşygy uzak wagta çekmeýär. Sebäbi öýüň ähli gurluşyk materiallary modul konstruksiýasyndan ybaratdyr.