«Tesla» geçen ýyl garaşylandan has az ulag satdy

«investing.com» internet neşiriniň habar bermegine görä, elektroulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýan «Tesla» geçen ýyl garaşylandan has az ulag satdy. Muňa garamazdan, amerikan kompaniýasy ulag satuwynda dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijisi bolan «Audi» kompaniýasyndan öňe geçdi. 2024-nji ýylda nemes brendiniň satuwy 12 göterim peselip, 1,67 milliona düşdi. «Tesla» kompaniýasy bolsa, 1,79 million ulagy müşderilerine ýetirdi.
«Audi» kompaniýasy bolsa, geçen ýyl Germaniýa, Hytaý we Demirgazyk Amerika ýurtlarynda satuwynyň pese gaçandygyny mälim etdi. Bu kompaniýanyň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglarynyň satuwy 8 göterim azalyp, 164 müň bolupdyr.
«Audi» Brýukselde öndürilýän «Q8 e-tron» elektroulagyna bolan islegiň azalmagy bilen bu ýerdäki bir desgasyny hem ýapmagy meýilleşdirilýär.
Geçen ýyl «Tesla» kompaniýasynyň satuwy hem garaşylyşy ýaly bolmady. Amerikan kompaniýasy on ýyldan bäri ilkinji gezek müşderilerine ýetirilen ulaglarynyň sanynyň azalandygyny mälim etdi. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylda iň uly bäsdeşi bolan Hytaýyň BYD kompaniýasyndan çalaja tapawut bilen, öňdeligini saklap galmagy başardy.