«Tesla» kompaniýasynyň maýasy 1 trillion dollar boldy

2024-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryndan bäri paýnamalary 130 göterim ýokarlanan «Tesla» kompaniýasynyň maýasy häzirki wagtda 1 trillion amerikan dollaryna ýetdi. Bu barada «kun.uz» internet neşiri habar berdi.

         «The Motley Fool» neşiriniň synçysy Keýt Speýts geljekki 10 ýylyň dowamynda dünýäde 3 sany kompaniýanyň maýasy «Tesla» kompaniýasynyň maýasyndan köp bolar diýip çaklaýar. Olaryň birinjisi «Berkshire Hathaway» kompaniýasydyr. Kompaniýanyň bazar maýasy 1,01 trillion amerikan dollaryna deňdir.

          Synçynyň bellemegine görä, Uorren Baffettiň kompaniýasy birnäçe ýylyň içinde maýasyny 325 milliard amerikan dollarymöçberinde artdyrar. Keýt Speýsiň bellemegine görä, «Tesla» kompaniýasyna beýleki iki bäsdeş kompaniýalar «Broadcom» we «Eli Lilly» bolar. Bu kompaniýalaryň maýasy, degişlilikde, 810 milliard amerikan dollaryna we 760 milliard amerikan dollaryna deňdir.

Ответить