«Teslanyň» kämil akkumulýatory energiýa saklaýjy enjamlaryň bazaryny düýpgöter üýtgetjek üstünlik hökmünde bellige alnar

«Teslanyň» kämil akkumulýatory elektrik ulaglarynyň we energiýa saklaýjy enjamlaryň bazaryny düýpgöter üýtgetjek üstünlik hökmünde bellige alnar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen ««Teslanyň» kämil akkumulýatory» atly makalada habar berildi.

 Mahlasy, häzirki wagtda akkumulýator tehnologiýasynda batareýanyň energiýa bermek mümkinçiliginiň göz öňüne hem getirip bolmajak derejedäki möhlete çenli uzamagyny üpjün etjek bir kristally elektrodlary döretmegiň üstünde işlenilýär.

«Tesla Canada» hem-de Kanadanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ylmy taslamany Galifaksdaky Dalhauzi uniwersitetinden Jef Dananyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary işleýär. Täze taslama awtorlyk edýän alymlar munuň uniwersitetiň 8 million kilometre ýeterlik bolan energiýa çeşmesini döredendigini aňladýandygyny tassyklaýarlar.

Aslynda, bu işiň akkumulýatorlaryň içinden zaýalanmagy hem-de energiýa mümkinçilikleriniň peselmegi bilen bagly meseleleri öwrenmäge, şeýle täsirleriň öňüni almagyň usullaryny gözlemäge gönükdirilendigini bellemek gerek. Şeýlelikde, işjeň sinhrotron şöhlelenmesiniň ulanylmagy akkumulýatorlaryň içerki gurluşlaryny aýyrmazdan, olary jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik döretdi.

Bir kristally elektrodly akkumulýatorlaryň elektrik ulaglary üçin öndürilýän adaty litiý-ion batareýalary bilen deňeşdirilmeginiň netijesinde, bu oýlap tapyşyň diýseň möhüm ähmiýeti bilen tapawutlanýandygy tassyklanyldy. Çünki şeýle akkumulýatorlary onlarça ýyllap ýa-da 8 million kilometre çenli ulanyp bolar.

Ответить