«TikTok» ýaly 5 milliard dollarlyk Taýland taslamalary makullandy

Taýlandyň maýa goýum guramalary, sosial media ägirdi «TikTok»kompaniýasynyň maglumat ýerleşdiriş hyzmatlary başlangyjy ýaly 5 milliard dollar töweregi taslamany tassyklady. Bu barada «tr.investing.com» internet neşiri habar berdi.
Taýland maýa goýum geňeşiniň çarşenbe güni beren beýanyna görä, geňeş takmynan 5,03 milliard dollara deň bolan 170,5 milliard baht gymmatyndaky taslamalary üçin maýa goýum höweslerini tassyklady.
Bu taslamalaryň arasynda Hytaýyň Singapurda ýerleşýän golçur kärhanasy bolan «TikTok Pte.» bagly şahamçalaryny goldamak maksady bilen maglumat ýerleşdiriş hyzmatlary başlangyçlaryna 126,8 milliard bahtlyk maýa goýmak üçin rugsat aldy.