«Tokaýçy» kömelekleri Özbegistana eksport edilýär

«Tokaýçy» haryt nyşanly ter kömelekler häzirki wagtda Özbegistan Respublikasyna eksport edilýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky №4 (751) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen ««Tokaýçy» kömelekleri – hakyky lezzet» atly makalada habar berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Babasadyk Çüriýewe Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde döwlet tarapyndan uzak möhletleýin esasda 6 gektar ýer bölegi bölünip berlip, onuň 3 gektaryny kömelek ýetişdirilýän kärhana eýeleýär. Bu döwrebap kärhanada şu günler işler gyzgalaňly häsiýetde dowam edip, gelin kömelekleriniň her günde 1-1,5 tonnasy ýygnalyp alynýar. Munuň özi bu ýerde işleriň göwnejaý ýola goýlandygyny subut edýär.
Täzeligine we terligine ýurdumyzyň söwda nokatlaryna, marketlerine ugradylýan kömelekler ekologiýa taýdan arassalygy, tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Bu önümler dürli işdäaçarlary we tagamlary taýýarlamakda taýsyz ähmiýete eýe bolup, halkymyz tarapyndan yzygiderli satyn alynýar. Çünki häzirki döwürde saçaklary dürli naz-nygmatlar bilen bezemek halkymyzyň iň oňat däpleriniň biri bolup, bu rysgal-bereketliligi, döwletliligi aňladýar.
Şoňa görä-de, telekeçi Babasadyk Çüriýew kömelekleriň elýeterli nyrhdan müşderilere hödürlenmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerini, aýratyn-da, işiň netijeliligine üns berýändiklerini nygtaýar. Kömelek ýetişdirilýän ýyladyşhana toplumynyň agzybir işgärleriniň gazanýan oňyn netijeleri munuň aýdyň mysalydyr.
Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzda kömelekleri ösdürip ýetişdirmek üçin gerekli bolan esasy çig mal — daşary döwletlerden getirilýän kompost taýýarlanylýar. Bu çig mal toplumyň öz işinde peýdalanylýar hem-de kömelek önümçiligini alyp barýan ýerli hususy telekeçilere ýetirilýär.
Bir söz bilen aýdanyňda, «Tokaýçy» haryt nyşany bilen halkymyza hödürlenilýän kömelekler biziň topragymyzda ýetişýän örän tagamly önümler bolup, olaryň halkara hil ölçeglerine laýyk gelmegi diýseň begendirýär. Çünki türkmen topragy bereket-bolçulygyň mesgeni hökmünde bütin dünýäde meşhurdyr. Häzirki wagtda «Tokaýçy» haryt nyşanly ter kömelekler Özbegistan Respublikasyna eksport edilýär.