«Toyota Motor» korporasiýasynyň awtoulag satuwy geçen ýyl 3,7 göterim pese düşdi

Ýaponiýanyň «Toyota Motor» korporasiýasynyň 2024-nji ýylda awtoulag satuwy 3,7 göterim pese düşdi. Geçen ýyl satylan awtoulaglaryň sany 10,82 milliona barabar boldy. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Awtoulag satuwy pese düşdi» atly makalada habar berildi.

Ýaponiýanyň öz içinde-de kompaniýanyň awtoulag satuwy 19,7 göterim pese düşüp, geçen ýyl boýunça jemi 1,85 million «Toyota» awtoulagy satyldy. Beýleki ýurtlarda satuw 0,5 göterim ösüp, jemi ýyl boýunça 8,97 million awtoulag satyldy.Kompaniýanyň awtoulag önümçiligi bolsa 2024-nji ýylda dört ýyldan bäri ilkinji gezek pese düşdi. Pese düşme 7,8 göterime deň bolup, kompaniýa ýyl boýunça 10,62 million awtoulag öndürdi.2024-nji ýylyň dekabr aýynda kompaniýanyň awtoulag satuwy 4,8 göterim peseldi. Satylan awtoulaglaryň sany 963,54 müňe barabar boldy.

Ответить