Tramp hususy pudagyň emeli aň infrastrukturasyna 500 milliard dollar maýa goýjakdygyny mälim etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurtda emeli aň infrastrukturasyny döretmek üçin hususy pudagyň 500 milliard dollar maýa goýuljakdygyny mälim etdi. Bu barada «forbes.com» internet neşiri habar berdi.

Tramp Ak tamda eden çykyşynda «OpenAI», «Softbank» we «Oracle» kompaniýalarynyň «Stargate» atly bilelikdäki kärhanany meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Trampyň metbugat ýygnagyna «Softbank» kompaniýasynyň baş direktory Masaýoşi Son, «OpenAI» şereketinden Sam Altman we «Oracle» hususy kärhanasyndan Larry Ellison bilelikde gatnaşdylar.

Kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň öňümizdäki dört ýylyň içinde «Stargate»  üçin  500 milliard dollar maýa goýmagyna garaşylýar.

Ýygnakda Ellison bu taslama üçin Tehasda eýýäm 10 maglumat merkeziniň gurulýandygyny we has köp meýilleşdirilýändigini aýratyn nygtap geçmek bilen: «Emeli aň hemmämiz üçin, her bir amerikaly üçin ajaýyp bir umyt wada berýär» diýip belledi.

Ответить