Türk kompaniýalary geçen ýyl Türkmenistanda 216 million dollarlyk potratçylyk taslamalaryny aldylar

2024-nji ýylda türk kompaniýalary Türkmenistanda bahasy 216 million dollar bolan potratçylyk taslamalaryny aldylar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok özüniň rezidensiýasynda çarşenbe güni bolan metbugat maslahatynda mälim etdi diýip, «business.com.tm» internet neşiri ýazýar.

Häzirki wagtda türk işewürleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda bahasy 4 milliard dollar bolan 25 taslama durmuşa geçirilýär diýip, diplomat aýtdy.Ilçi şeýle hem türkiýeli kompaniýalaryň Arkadag «akylly» şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan wagtyndan bäri türk kompaniýalary umumy bahasy 50 milliard dollardan gowrak bolan 1 müňden hem köp taslamany üstünlikli tamamladylar. Ahmet Demirokyň bellemegine görä, munuň özi Türkmenistanyň türk kompaniýalaryna bildirýän ýokary ynamynyň subutnamasydyr.2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda özara söwda dolanyşygynyň möçberi 2,166 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Ответить