Türkiýäniň türki döwletlere eksporty eksporty iki esse artyp, 11 milliard dollardan geçdi

Soňky dört ýylda Türkiýäniň Azerbaýjana, Gazagystana, Türkmenistana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksporty iki esse artyp, 11 milliard dollardan geçdi. Bu barada Türkiýäniň Statistika müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň «atavatan-turkmenistan.com» internet neşiri habar berdi.
Maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň ahyrynda bäş türki döwletine Türkiýäniň eksporty 5,4 milliard dollar bolan bolsa, ýylyň dowamynda eksportuň möçberi 7,2 milliard dollara çenli artdy. “2022-nji ýylda türki döwletlerine eksport 8 milliard dollara, 2023-nji ýylda bolsa 9,9 milliard dollara ýetdi. Ahyrynda, geçen ýylyň netijelerine görä, 11,1 milliard dollara çenli rekord derejede ösüş gazanyldy “-diýip, ýurduň statistika edarasy habar berdi.Gazagystan 2024-nji ýylda (3,3 milliard dollar) türk önümlerini satyn almagyň mukdary boýunça bäş ýurduň arasynda öňdebaryjy boldy.Şeýle hem bu ugurda Azerbaýjan 3,1 milliard dollar, Özbegistan 2,2 milliard dollar, Gyrgyzystan 1,4 milliard dollar we Türkmenistan 1,1 milliard dollar görkezijä eýedir.