Türkmen-gyrgyz haryt dolanyşygynyň möçberi 7 esse artyp, 64 million amerikan dollaryna deň boldy

Soňky dört ýylda türkmen-gyrgyz haryt dolanyşygynyň möçberi 7 esse artyp, geçen ýylda bu görkeziji 64 million amerikan dollaryna deň boldy. Dostlukly döwlet Türkmenistana möhüm ykdysady hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garap, söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Ýurduň diplomatlary türkmen tarapy bilen söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, ýeňil we himiýa senagaty, bilim, syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň amaly taraplaryna gyzyklanma bildirilýändigini tassyklaýarlar. Türkmenistandan Gyrgyzystana tebigy gazy, nebit önümlerini we beýleki harytlary ibermek babatda-da ýeterlik mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisine gatnaşyjylar özara söwda dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmagyň anyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky sanynda neşir edilen «Bilelikdäki tagallalar — anyk maksatlara» atly makalada habar berildi.

         Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisinde nygtalyşy ýaly, iki goňşy döwlet geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmek bilen, ulag-logistika ulgamynda-da uly mümkinçiliklere eýe. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly Hytaýdan gaýdyp, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäginden geçýän ulag geçelgesiniň işe girizilmegi biziň ýurtlarymyz üçin täze ugurlaryň açylmagyny üpjün eder.

Ответить