Türkmen halkynyň Milli Lideri Masud Pezeşkiany 11-nj oktýabrda geçiriljek Aşgabat forumyna gatnaşmaga çagyrdy

Düýn – 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde giňişleýin düzümde dowam eden ikitaraplaýyn gepleşikleriň ahyrynda Milli Liderimiz öz adyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülik çäreleriniň guralandygy üçin eýran tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz öz adyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Ikitaraplaýyn gepleşiklerde Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine aýratyn orun berildi. Şunda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri guraldy. Ýurdumyzda hem eýran tarapy bilen bilelikde dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.