Türkmen işewürleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça Eýranda geçiriljek IX halkara sergi bilen maslahata gatnaşarlar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri şu ýylyň 26 – 27-nji maýynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça Eýranyň paýtagty Tähranda geçiriljek IX halkara sergä we maslahata gatnaşarlar. Şu mynasybetli, Eýran tarapy türkmen telekeçilerine resmi çakylyk iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Sergi bilen bir wagtda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda Eýranyň altynjy Milli baýragyny gowşurma dabarasy geçiriler. Çäreler «Milad» maslahat merkezinde bolar. Oňa gatnaşýanlar üçin ýörite maglumat web saýty döredildi: www.irec.irrea.ir.

Eýranyň gaýtadan dikeldilýän energiýa birleşiginiň wekilleriniň ýerine ýetiriji topary maslahata gatnaşjaklary iş duşuşyklary üçin ýörite sergi meýdançalary bilen üpjün etmegiň üstünde işledi.

Ответить