Türkmen telekeçileri Germaniýanyň işewürlik okuwlara çagyrylýar

Türkmen telekeçileri Germaniýanyň işewürlik okuwlara çagyrylýar. Bu barada «business.com.tm» internet neşirinde habar berildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrligi bilen bilelikde “Partnering in Business with Germany” atly maksatnamanyň 2025-nji ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde “Umumy ykdysady hyzmatdaşlyk” toparyna döwlete dahylly bolmadyk düzümlerden dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik guraýar.Bu maksatnama okuwlary we Germaniýada 3 hepdelik iş tejribeligini öz içine alýar. Türkmen-german söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taslamalaryny tanyşdyran dalaşgärlere uzak aralykdan okuwlar berler.Oňa gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 12-nji martyna çenli Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde kabul edilýär diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti duşenbe güni habar berdi.Ýokary bilim, iňlis we rus dillerinde erkin gürläp bilmeklik, 5 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi (şonuň 2 ýyly ýyly ýolbaşçy wezipede bolmaly) dalaşgärlere bildirilýän talaplardyr. Gatnaşyjylar ýuridiki şahs hökmünde işleýän ýa-da hususy telekeçi bolmalydyr.Goşmaça maglumaty www.fineconomic.gov.tm web-saýty ýa-da (+99312) 39-43-55 telefon belgisine jaň edip alyp bolýar.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrligi bilelikde “Partnering in Business with Germany” atly okuw maksatnamasynyň 2025-nji ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde “Akylly” oba hojalygy we azyk senagaty” atly halkara toparyna seçip almak üçin döwlete dahylly däl pudagyň wekilleri üçin söhbetdeşligiň geçirilýändigini hem yglan edýär.