Türkmen telekeçileri Moskwada geçiriljek halkara gurluşyk sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 11–14-nji marty aralygynda Moskwada geçiriljek 6-njy halkara ýöriteleşdirilen gurluşyk we bezeg önümleridir tehnologiýalary sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Sergi «Russiýanyň gurluşyk hepdeliginiň» çäginde geçirilýär. «RosBuild» bazary ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen doldurmaga we gurluşykda iň täze tehnologiýalary öňe sürmäge kömek edýän meýdançadyr. Onda gurluşyk serişdelerini öndürijiler we ýerleýjiler alyjylar bilen göni gatnaşyga girmäge mümkinçilik alýarlar.Sergä 400-den gowrak kompaniýanyň öz diwarlyklary bilen, şeýle hem 19000 hünärmeniň we 4000 gurluşyk kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu türkmen kompaniýalary üçin işewür aragatnaşyk gurmak we rus gurluşyk kompaniýalarynyň önümleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Çeşme: https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/91585/turkmen-telekecileri-moskwada-geciriljek-halkara-gurlusyk-sergisine-gatnasmaga-cagyrylyar

Ответить