Türkmen wekilleri «Sebitleýin söwda we arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak» atly halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri Strategik barlaglar, işläp taýýarlamalar we seljeriş institutynyň ýurduň Milli logistika korporasiýasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Sebitleýin söwda we arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak» atly halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Türkmenistanyň sebitleýin başlangyçlary tanyşdyryldy» atly makalada habar berildi.

«Sebitleýin söwda we arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak» atly halkara okuw maslahatynda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri, ykdysady ugur boýunça iş alyp barýan pakistanly hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Maslahatda çykyş edenler Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny aýdyp, bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A. Möwlamow, öz gezeginde, daşary syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ulag, energetika pudaklaryndaky özara gatnaşyklary ösdürmekde ýurdumyzyň işjeň orny barada gürrüň berdi. Hususanda, Türkmenistanyň we Owganystanyň serhetlerinde geçen ýylyň sentýabrynda gurluşyklaryna başlanan hem-de işe girizilen desgalar bilen bagly maglumatlar çärä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de ýurdumyzyň Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini giňeltmek babatda durmuşa geçirýän syýasatyna aýratyn üns çekildi.

Ответить