Türkmenistan – bagy-bossan

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dana ata-babalarymyzyň örän çuň mazmunly pähim-paýhasa ýugrulan «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Gulan godugy bilen, agaç pudagy bilen», «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň», «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agajy ýaşlykda bük», «Bag eke­niň öm­ri uzak», «Bag eke­niň bag­ty açyk», «Bag bar­syz bol­maz, at ti­mar­syz» ýaly atalar sözleri  türkmen jemgyýetiniň milli durmuş ýörelgesine öwrülip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek işinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.

          Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ugra gönükdirilen asylly başlangyçlary mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ýylyň iki paslynda – ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdunmyzda döwlet derejesinde bag ek­mek bo­ýun­ça äh­li­halk ýo­wa­ry ýokary gu­ra­ma­çy­lyk­ly  geçirilýär. Ýaňy-ýakynda – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzyň 9-njy noýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň bu asylly ýörelgesine eýerip, ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň çäginde hem bag ek­mek bo­ýun­ça äh­li­halk ýo­wa­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly geçirildi.

         Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň çäginde geçirilen bag ekişlige bu asylly ýörelgäni mukaddes Watançylyk borjy hasaplaýan tälimçi mugallymlar we türgenlerimiz örän işjeň gatnaşdylar. Sport mekdebimiziň çägine täze ekilen bag nahallary özboluşly bir ajaýyp gözelligi emele getirdi. Bu ýaş nahallar sanlyja ýyllaryň içinde boý alar we tomus paslynda sport mekdebimiziň tälimçi mugallymlary hem türgenleri üçin sport maşklaryny ýerine ýetirmäge saýaly salkyn ýere öwrüler.   

Hangeldi Orazberdiýew

Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň

woleýbol boýunça tälimçi mugallymy

Ответить