Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl 400 million dollara golaýlady

2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň özara söwda dolanyşygy uly ösüşe eýe boldy. Onuň möçberi 400 million ABŞ dollaryna golaýlady diýip, «business.com.tm» internet neşiri habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty 303,47 million ABŞ dollaryna deň boldy, Şol bir wagtda bolsa Azerbaýjandan importyň möçberi 80,24 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkezijiler özara söwdanyň umumy möçberiniň 383,9 million dollar derejesinde bolmagyny üpjün etdi.Deňeşdirip alsak, 2024-nji ýylda Azerbaýjanyň daşary söwda dolanyşygynyň jemi möçberi 47,6 milliard ABŞ dollaryna, şol sanda eksportynyň möçberi 26,55 milliard dollara, importynyň möçberi hem 21,05 ABŞ milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwdanyň ösüş depgini sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky söwdanyň möçberi ondan öňki ýyldakydan 73 göterim ösüp, 738,9 million dollara ýetdi.