Türkmenistan bilen Gazagystan sebitleýin söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Maglumatlara görä, Gazagystanyň Almaty şäherinde Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň we Gazagystanyň Demirýollary agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda demirýol gatnamalarynyň netijeliligini artdyrmaga we hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky ýük daşamalaryň möçberi 1.6 million donna deň boldy. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýerleşýän Boşaak demirýol stansiýasyndaky bilelikdäki halkara geçiş nokadynyň işini täzeden ýola goýmak babatda ylalaşyldy.
Geçiş nokadynyň işiniň täzeden başlamagy demirýol gatnawynyň tertibini ep-esli aňsatlaşdyrmak we ýükleri barlamak üçin sarp edilýän wagty azaltmak üçin niýetlenendir. Alnan çäreler ýurtlaryň arasynda ýük daşamagyň mukdaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu şertnama iki ýurduň ulag we gatnaşyklaryny berkitmek islegini görkezýär, şeýle hem sebitleýin söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolup biler.