Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl 10,6 milliard ABŞ dollaryna deň boldy

«business.com.tm» internet neşiriniň habar bermegine görä, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 10,6 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2023-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 11 göterim köpdür.

Ýeri gelende aýtsaň, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda söwda dolanyşygy 94,8 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.Turba geçirijiler arkaly iberilýän tebigy gaz Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň agramly bölegini düzýär.

Ответить