Türkmenistan «ESKPO 2025 Osaka» Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň halkara ýygnagyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 15-16-njy ýanwarynda Ýaponiýanyň Himeji şäherinde geçirilen «ESKPO 2025 Osaka» Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň halkara ýygnagyna oňa gatnaşýan 100-den gowrak ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem çagyryldy. Bu barada «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň «atavatan-turkmenistan.com» resmi web sahypasynda habar berildi.

Maglumatlara görä, halkara ýygnagyň dowamynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde açyljak «ESKPO 2025» bütindünýä sergisine taýýarlyk işleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Ответить