Türkmenistan geçen hasabat ýylynda taýýar ýod önümleriniň 14 million manatlykdan gowragyny içerki we daşarky bazarlarda ýerledi

Türkmenistanyň Bereket Ýod önümçiligi kärhanasy geçen hasabat ýylynda taýýar önümleriň jemi 14 million manatlykdan hem gowragyny içerki we daşarky bazarlarda ýerleşdirip, tabşyrygyň 190 göterimini ýerine ýetirdi. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Meýilnama artygy bilen» atly makalada habar berildi.

Balkan welaýatynyň çäklerinde ýakyn ýyllarda ýod-brom suwlaryny gaýtadan işläp, ýod we brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän kärhanalaryň kuwwatlylygyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
Şonuň netijesinde, ýakyn ýyllarda tehniki ýoduň öndürilişi 2,3 esse artar.
Mundan ruhlanýan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynyň hünärmenleri geçen önümçilik ýylyny görnükli netijeler bilen jemlemegi başardylar.

Ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmeklige niýetlenilip gurlan bu kärhanada gürrüňi edilýän ýylda 15 million manatlyga barabar işler ýerine ýetirilip, bellenilen meýilnama 173 göterim berjaý edildi.
Önümçilik bölümleriniň ählisi-de kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan kärhanada öndürilýän harytlaryň agramly bölegi Ukraina, Belarus, Azerbaýjan, Täjigistan, Owganystan, Özbegistan ýaly ýurtlara we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ugradylýar.
Geçen hasabat ýylynda bu kärhanada taýýar önümleriň jemi 14 million manatlykdan hem gowragy içerki we daşarky bazarlarda ýerleşdirilip, tabşyrygyň 190 göterim ýerine ýetirilendigi bellenilmäge mynasypdyr.