Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegi maksat edinýär

2025-nji ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça edarany we kadalaşdyryş gurşawy berkitmäge goldaw» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri üçin üç günlük maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

«Gymmatly kagyzlar bazarynyň özeni we onuň bazar ykdysadyýetindäki orny», «Gymmatly kagyzlar bazaryny kadalaşdyrmagyň dünýä tejribesindäki halkara ülňüler we öňdebaryjy tejribe» maslahatyň esasy temalary boldy.

Maslahata gatnaşanlar gymmatly kagyzlar bazaryny emele getirmegiň we ony kadalaşdyryjy ulgamyň ösüşiniň amaly taraplaryny öwrendiler. Mundan başga-da, BMGÖM-iň halkara we ýerli hünärmenleri Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny halkara ülňülerine laýyk getirmek arkaly ösdürmek üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Aşgabat gazna biržasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdiler.

Ответить