Türkmenistan «Kish Expo 2025» halkara sergisine gatnaşdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Kiş adasynyň halkara sergiler merkezinde 2025-nji ýylyň 19 – 24-nji ýanwary aralygynda dowam eden «Kish Expo 2025» atly halkara sergisine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we onuň düzümindäki agza telekeçiler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.
«Kish Expo 2025» halkara sergisi Türkmenistana öz eksport kuwwatyny giňeltmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly mümkinçilik döretdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlaryndaky resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, taýýarlyk işleri iki ýyldan gowrak wagt dowam eden bu uly çäre dünýäniň 40 ýurdundan 250-den gowrak kompaniýany özüne çekdi. Gatnaşyjylar 170 sergi diwarlygynda öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler.
«Kish Expo 2025» halkara sergisinde nebit-gaz we nebit-himiýa senagatyny, farmasewtikany, azyk senagatyny, halk senetçiligini we syýahatçylygy öz içine alýan 16 ýöriteleşdirilen ugur boýunça önümler we harytlar görkezildi.
«Kish Expo 2025» halkara sergisi GDA döwletlerinden, Russiýadan, Pars aýlagynyň, Günbatar Aziýanyň, Afrikanyň, Gündogar Ýewropanyň, Gündogar Aziýanyň we Hindi ýarym adasynyň ýurtlaryndan gelen 300-den gowrak ilçileriň, söwda geňeşçileriniň, telekeçileriň we işewürleriň ünsüni özüne çekdi.