Türkmenistanda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy geçiriler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy (TSSE) 2025-nji ýylyň 29-njy apreli – 1-nji maýy aralygynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyny geçirer. Bu barada «business.com.tm» internet neşiri habar berdi.

Aşgabatda geçiriljek «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy daşary döwletler bilen söwda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dünýä ýurtlarynyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de hususy pudagyň mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.Maglumatlara görä, sergide ulag, gurluşyk, maglumat tehnologiýalary, sanly we ykdysady hyzmatlar ýaly dürli pudaklarda iş alyp barýan kompaniýalar we hünärmenler özleriniň taslamalary bilen tanyşdyrarlar.Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde, ýagny 2025-nji ýylyň 29 – 30-njy aprelinde «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat geçiriler. Onda hil dolandyryşyň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmagyň meselelerine garalar.«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Türkmenistanda hödürlenilýän hyzmatlary giňeltmek we önümleriň hil ölçeglerini kämilleşdirmek üçin amatly çeşmä öwrüler diýip, internet neşiri habar berýär.

Ответить