Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 309000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy

Şu gün anna güni – 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwary güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 309000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda BAE döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 309 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Ответить