Türkmenistanyň birža söwdalaryndajemi 9720000,00 manada we 2455800,92 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy

Şu gün, çarşenbe güni – 2025-nji ýylyň 22-nji ýanwary güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 9 720 000,00 manada we 2 455 800,92 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe we BAE döwletleriniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidy hem-de ýerli işewürlerden pagta süýümini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 9 720 000,00 manada we 2 455 800,92 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.