Anna, şenbe günlerinde Türkmenistanyň birža söwdalaşyklarynda jemi 12 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň birža söwdalaşyklarynda anna güni  9, şenbe güni 3, jemi  12 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

                   Anna güni, 10-njy ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan we Türkiýe döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamid satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüpliginiň galyndysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 197 000,00 manada we 444 750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.

Şenbe güni, 11-nji ýanwarda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden natriý hlorly nahar duzuny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden pagta süýümini satyn almak barada geleşikleri baglaşyldylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 81 655 091,00 manada we 80 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Ответить