Türkmenistanyň daşary söwda işiniň durnuklylygyny üpjün etmekde örän möhüm halkara ulag geçelgeleri dörediler

Türkmenistanyň daşary söwda işiniň durnuklylygyny üpjün etmeklikde örän möhüm orun eýelejek Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – ÝB hem-de Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Ýewropa ugurlary boýunça halkara ulag geçelgeleri dörediler. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Türkmenistan Özbegistanyň Ýewropa uzaýan ýollary üçin üstaşyr geçelgä öwrüler» atly makalada habar berildi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Özbegistanyň Ulag ministri Ilhom Mahkamow halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, şol sanda Türkmenistanyň üstünden täze gatnaw ugurlaryny döretmek boýunça meýilnamalary barada mälim etdi.

Onuň pikiriçe, şunda Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – ÝB hem-de Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Ýewropa ugurlary esasy ýollar bolar. Bu geçelgeler ýurduň daşary söwda işiniň durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýelemelidirler. Şu wezipäni durmuşa geçirmek üçin Özbegistan Belgiýa, Norwegiýa, Horwatiýa we beýleki ýurtlar bilen awtomobil ulagy ulgamynda täze halkara ylalaşyklary baglaşmagy hem-de Hytaý, Eýran, Belarus ýaly birnäçe döwletler bilen bar bolan şertnamalara gaýtadan seretmegi meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, logistika hyzmatlaryny kämilleşdirmegiň çäklerinde gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we ýük akymlaryny çaltlandyrmak maksady bilen «ýaşyl» geçelgeleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurtlaryň arasynda ulag resminamalaryny özara ykrar etmek bu maksatnamanyň möhüm bölegi bolar.

Mundan öň, Özbegistanyň Hökümeti daşary ýurt ýük awtoulaglarynyň ýurda girmegi üçin täze ýygym möçberlerini tassyklady.

Ответить