
Türkmenistanyň ilçisi «Tabani Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow sişenbe güni Yslamabat şäherinde Pakistanyň «Tabani Group» kompaniýasynyň başlygy Humza Ýakub Tabani we ýerine ýetiriji direktory Hatim Ýakub Tabani bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda dürli ulgamlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «business.com.tm» internet neşiri Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
Maglumatlara görä, diplomat öz ýurdunyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň esasy mazmuny bilen tanyşdyrdy.«Tabani Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň halkara derejede ýokary ähmiýete eýedigini nygtap, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.1981-nji ýylda döredilen «Tabani Group» kompaniýasy bahasy $1 milliardan we ählisiniň meýdany 10 million inedördül futdan gowrak bolan söwda, myhmanhana we ýaşaýyş jaý desgalary bolan iri ösüş kompaniýasydyr.



