Türkmenistanyň wekiliýeti söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we işjeňleşdirmek maksady bilen Malaýziýada boldy

Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerini özünde jemleýän Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 4 – 6-njy fewralynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda saparda boldy. Saparyň maksady telekeçilik we senagat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmekden hem-de ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu barada «business.com.tm» internet neşiri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Maglumatlara görä, saparyň barşynda wekiliýet agzalary Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat palatasynyň we Halal-senagat ösüşi boýunça korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler.2025-nji ýylyň aprel aýynda Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek maýa goýumlar boýunça halkara foruma taýýarlyk meseleleri gepleşikleriň üns merkezinde boldy. Şolarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we syýahatçylygy ösdürmek esasy ugurlar boldy.Türkmen wekiliýetiniň şu gezekki gepleşikleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Malaýziýa amala aşyran, möhüm ylalaşyklar baglaşylan, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açan saparynyň özboluşly dowamydyr.

Ответить