Ukraina bilen BAE hemmetaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi

Ukraina bilen BAE hemmetaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Bu barada Emirligiň «WAM» agentliginiň täzeliklerine salgylanyp, «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň «atavatan-turkmenistan.com» internet neşiri habar berdi.

Iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna BAE-niň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi bilen Ukrainanyň maliýe ministri Ýuliýa Swiridenko gol çekdiler. Gol çekmek dabarasyna Ukrainanyň we BAE-niň Prezidentleri Wladimir Zelenski we Muhammet bin Zaýed Al-Nahaýýan gatnaşdy.Resminama iki ýurduň arasynda söwda, maýa goýum we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmagy maksat edinýär. BAE-den import edilýän harytlaryň 99 göterimi we Ukrainadna eksport edilýän önümleriň 97 göterimi gümrük paçlaryndan boşadylýar.

Ответить