
Uly Balkan dagynyň Düzmergen ýaýlasynda öndürilýän pomidorlar Russiýa Federasiýasyna eksport edilip başlandy

Uly Balkan dagynyň Düzmergen ýaýlasynda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply pomidorlar Russiýa Federasiýasyna eksport edilip başlandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde Uly Balkan dagynyň degresindäki Düzmergen ýaýlasynda bina edilip, 2020-nji ýylyň güýzünde işe girizilen döwrebap ülňüli häzirki zaman ýyladyşhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişli bolup, bu ýerde ýerli bagbanlardyr hünärmenleriň täze ýylyň ilkinji günlerinden başlap gazanýan önümçilik görkezijilerem taryhy eýýamymyzda hususy pudagyň okgunly, depginli ösüşlere eýe bolýandygyny ýene bir gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.
Türkiýede, Gollandiýada öndürilen ösen enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen ýyladyşhanada işler kuwwatly tehnologiýalara, kämil işläp taýýarlamalara daýanýar. Şeýle-de ýyladyşhanadan geçen möwsümiň dowamynda alynan pomidor hasylynyň umumy möçberi bir müň tonnadan geçdi.
Bu ýerde ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerem kadaly ýola goýlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, ter gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenilen, umumy tutýan meýdany bäş gektara barabar bolan ýyladyşhana iş orunlarynyň birbada altmyşa golaýyny döretmäge mümkinçilik berdi.
Bereketli ýyladyşhanada agrotehniki talaplara laýyk ýetişýän pomidorlary ýygnamak işleri täze, «2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ilkinji aýynyň häzirki günlerinde hem guramaçylykly dowam etdirilip, içerki, daşarky bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ýetirilýär. Munuň şeýledigine türkmen telekeçisiniň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply pomidorlarynyň Russiýa Federasiýasyna ugradylyp başlanmagam aýdyň şaýatlyk edýär.



