Ýaponiýada «Expo 2025» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde şu ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda «Expo 2025» Bütindünýä sergisi geçiriler. Bu barada «Zaman Türkmenistan» gazetiniň «zamanturkmenistan.com.tm» web sahypasynda habar berildi.

Osaka aýlagynda emeli gurlan Ýumesima adasy «Expo 2025» Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy. Ýapon tarapy 2020-nji ýylda guralan Halkara sergileri býurosynyň mejlisinde çäräniň jikme-jik meýilnamasyny hödürläp, «Expo 2025» Bütindünýä sergisiniň desgalarynyň gurluşygyna, takmynan, 125 milliard ýen (1,1 milliard dollar) sarp etmek meýilleşdirýändigini we bu döwür üçin çykdajylaryň, takmynan, 80 milliard ýene (730 million dollar) deň boljakdygyny mälim edipdi.Osaka 1970-nji ýylda «Expo» Bütindünýä sergisini geçiripdi. Şonda bu çäre, ýurduň ykdysady ösüşiniň netijesinde, tehnologiki ösüşler ýüze çykanda geçirilipdi. Şol döwürde Osakada sergi üçin niýetlenen uly seýilgäh, şeýle-de «Gün diňi» diýlip atlandyrylýan 70 metrlik heýkel gurlup, giň gerimli çärä 64 million adam baryp görüpdi.«Expo 2025» Bütindünýä sergisiniň şygary «Ýagty durmuş üçin geljekki jemgyýeti döretmek». Maglumatlara görä, sergi takmynan 28 million adamy özüne çekip, Osakanyň ykdysadyýetine 18 milliard dollar töweregi girdeji getirer. Bütindünýä sergileriniň däbi XIX asyryň ortalaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Ilkinji «Expo» Bütindünýä sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirilip, Pariž şeýle sergileriň altysyny özünde kabul edýär. Halkara sergisi bäş ýyldan bir gezek geçirilip, dünýäniň ýurtlary ylymda, tehnologiýada, binagärlikde we sungatda gazananlaryny görkezýärler.2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Osakada guraljak sergide Türkmenistanyň Milli güni guralyp, onuň cäklerinde birnäçe çäreler geçiriler. Maglumatlara görä, dünýä döwletleriniň 158-si hem-de halkara guramalaryň 7-si «Expo 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny mälim etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa sapary meýilleşdirilýär.

Ответить