Ýaponiýanyň «Nissan Motor» bilen «Honda Motor» awtoulag kompaniýalary birleşdiriler

Ýaponiýanyň «Nissan Motor» bilen «Honda Motor» awtoulag kompaniýalary birleşdiriler. Bu barada «bbc.com» internet neşirinde habar berildi.

         Ýaponiýanyň «Nissan Motor» hem-de «Honda Motor» diýen iki sany ägirt awtoulag kompaniýalaryny birleşdirmek barada ylalaşyga bu awtoulag kompaniýalarynyň ýolbaşçy düzümleri 2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda gol çekdiler. Emma ahyrky netijä 2025-nji ýylyň iýun aýynda gelner diýlip garaşylýar.

         Iki sany uly kompaniýanyň birikmegi netijesinde dünýäde awtoulag öndürmek boýunça üçünji iň uly kompaniýanyň emele gelmegine garaşylýar. Çaklamalara görä, birikme 2026-njy ýylyň awgust aýynda doly tamamlanar. Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýanyň işçileriniň 8 göterimi awtoulag önümçiliginde zähmet çekýär.

Ответить