Ýaponiýanyň walýuta ätiýaçlyklary azaldy

2024-nji ýylyň dekabr aýynda dünýäniň iň uly ätiýaçlyk gorlaryna eýe ikinji ýurdy bolan Ýaponiýanyň walýuta ätiýaçlyklary azaldy. Bu barada «foreks.com» internet neşiri habar berdi.
Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň (MoF) beren beýanyna görä, ýurduň walýuta ätiýaçlyklary bir aýda 8 milliard 284 million dollar azaldy. Şeýlelik bilen, geçen aýda 1 trillion 239,0 milliard dollar bolan ätiýaçlyklar 1 trillion 230,7 milliard dollara çenli azaldy.
Ýurduň gymmatly kagyzlary 924,0 milliard dollardan 917,6 milliard dollara geldi. Şol aýda altyn ätiýaçlyklary 27,2 million unsiýdan üýtgemedi, pul gymmaty bolsa 72,11 milliard dollardan 71.01 milliard dollara çenli azaldy.
Ýaponiýa Hytaýdan soň dünýäiň iň köp ätiýaçlyk gorlaryna eýe bolan ikinji ýurtdyr.