Ýaş telekeçiniň «Turkmen development» topary Türkmenistanda sanly ulgamyň gazananlaryny ornaşdyrmagy maksat edinýär

Ýaş telekeçi Esen Esenowyň ýolbaşçylygynda döredilen «Turkmen development» topary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň gazananlaryny ornaşdyrmagy maksat edinýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen «Ýaş telekeçiniň iş ugry giňeýär» atly makalada habar berildi.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde «Turkme n development » ady bilen iş alyp barýan bu toparda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde IT, programmirleme ýaly ugurlar boýunça bilim alan ussat hünärmenler zähmet çekýär. Toparda zähmet çekýän marketolog Maksatmyrat Akyýew, grafiki dizaýner Kerim Şahyrow, taslama menejeri Maksat Annaýew, 3D dizaýner Begmyrat Esenow dagy web development, grafiki dizaýn, web dizaýn, programma üpjünçiligi, poligrafiýa, mahabat, interýer we eksterýer dizaýn, gysga 3D wideorolikleri, 3D multfilmleri, ýazgy etmek, buhgalter programmalaryny ilkibaşdan döretmek, audio studiýasynda ýazgy etmek, 3D maketleri, taslamalary taýýarlamak ýaly birnäçe ugurlar boýunça hyzmatlary hödürleýärler. Ýaş hünärmenlerdigine garamazdan, topar agzalarynyň aglabasy döredijilikli pikirleri bilen her bir taslamanyň müşderileriň islegini kanagatlandyrmagy üçin jan aýaman zähmet çekýärler.

«Turkmen development» toparynyň hünärmenleri häzirki wagta çenli iOS we Android gurluşlar üçin niýetlenen «Google Play» we «App Store» gollanmalar dükanynda elýeterli bolan onlarça ykjam goşundylary we birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrdylar. Bu topar müşderileriň islegini doly kanagatlandyrmagy we taslamanyň hilini has ýokarlandyrmagy esasy wezipe hökmünde kesgitleýär.

Häzirki wagtda toparyň hünärmenleri tarapyndan «Ýakynda» atly biznes katalog işlenilýär. Bu biznes katalogda ýurdumyzyň telekeçileriniň alyp barýan işleri, müşderilere hödürleýän hyzmatlary giňişleýin görkezilýär.

Ответить