Ýewropanyň iň uly pensiýa gaznasy «Tesla» paýnamalaryny satdy

Ýewropanyň iň uly pensiýa gaznasy, bölekleýin Ilon Maskyň töleg bukjasy bilen baglanyşykly düşünişmezlik sebäpli üçünji çärýekde «Tesla Inc.» kompaniýasyndaky 571 million ýewro bahasyndaky paýnamalarynyň aglabasyny satdy. Bu barada «foreks.com» internet neşiri habar berdi.

«Stichting Pensioenfonds ABP»-iň teswirçisi beren beýanatynda: «Maskyň aýlyk bukjasy bilen baglanyşykly bizde bir mesele bardy» – diýdi. Gazna, maýa goýumyny satmak kararynda çykdajylary, girdejileri we jogapkärli maýa goýum talaplaryny-da göz öňünde tutdy

Gollandiýada neşir edilen «Het Financieele Dagblad»-yň habaryna görä, «ABP»-iň «Teslany» terk etmeginiň sebäpleriniň arasynda kompaniýadaky iş şertleriniň ýaramazdygy hem görkezildi.

Ответить