Ýewropanyň Merkezi Banky ýewro pullarynyň dizaýnyny üýtgetmegi maksat edinýär

Ýewropanyň Merkezi Banky ýewro pullarynyň dizaýnyny üýtgetmegi maksat edinýär. Bu barada «Zaman Türkmenistan» gazetiniň «zamanturkmenistan.com.tm» elektron neşiri Ýewropanyň Merkezi Bankynyň resmi web sahypasynyň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Maglumatlara görä, Ýewropanyň Merkezi Banky ýewronyň täze kagyz pullarynyň dizaýnynyň wariantlaryny öwrenýär. Häzirki wagtda iki esasy wariant göz öňünde tutulýar. Birinjisi, kagyz pullary görnükli şahsyýetleriň portretleri bilen bezemegi teklip edýär. Olaryň arasynda Gresiýanyň opera aýdymçysy Mariýa Kallas (5 ýewrolyk kagyz pulda), nemes kompozitory Lýudwig wan Bethowen (€ 10), polýak-fransuz alymy Mariýa Kýuri (€ 20), ispan ýazyjysy, «Don Kihotyň» awtory Migel de Serwantes (€ 50) ), italýan suratkeşi, alym we inžener Leonardo da Winçi (€ 100) we parahatçylyk ugrundaky hereketiň awstriýaly aktiwisti Berta fon Zuttner (€ 200) bar.Kagyz pullaryň arka tarapynda kitaphanalar ýaly medeni ýerleriň ýa-da aýdym festiwallary ýaly möhüm wakalaryň şekillerini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Ýewropanyň Merkezi Bankynda «Ýewropa medeniýeti» mowzugyndaky şekilleriň «asyrlaryň dowamynda Ýewropanyň keşbini emele getiren umumy medeni giňişlikleri şöhratlandyrýandygyny» bellediler. Şeýle-de bolsa, bu wariant Ýewropa Bileleşigine agza 20 ýurduň diňe 6-synyň medeni mirasyny görkezýändigi üçin tankyt edildi.Alternatiw dizaýnda portretler ulanylmaýar. Öň tarapynda guşlary we derýa landşaftlaryny şekillendirmek teklip edilýär, arka tarapynda Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndaky Ýewropa institutlarynyň binalary ýerleşdiriler. «Derýalar we guşlar: dürlülikdäki durnuklylyk» diýlip atlandyrylýan bu dizaýn tebigaty we daşky gurşawy goramagyň möhümdigini görkezýär.Bu wersiýadaky iň uly 200 ýewrolyk kagyz pul aşakdaky ýaly suratlandyrylýar: «Deňiz görnüşi. Demirgazyk oluşa guşy uly ummanyň tolkunlarynyň üstünden uçup barýar. Arka tarapynda: Ýewropa gözegçilik kazyýeti». Täze kagyz pullaryň dizaýny barada gutarnykly karar 2026-njy ýylda kabul ediler. Iň oňat taslama ugrundaky bäsleşik 2025-nji ýylda geçiriler. Täze ýewrolar dizaýn tassyklanylandan birnäçe ýyl soň dolanyşyga girer.

Ответить