«Ýigit» içerki we daşarky bazary 60 müň tonnadan gowrak pomidor hasyly bilen üpjün etmegi maksat edinýär

«Ýigit» içerki we daşarky bazary 60 müň tonnadan gowrak pomidor hasyly bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Pomidor hasyly ýygnalýar» atly makalada habar berildi.  

Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhana toplumynda häzirki günlerde pomidor hasylyny ýygnamak işi gyzgalaňly alnyp barylýar. Şu möwsümde pomidoryň ýokary hasylly, durumlylygy we datlylygy bilen tapawutlanýan görnüşlerini ýetişdirip, şondan hasylyň 60 müň tonnadan gowragyny almagy belent maksat tutunan ýyladyşhananyň agzybir işçi-hünärmenleri yhlasly zähmetiň nusgasyny görkezýärler.

Gündelik ýygnalýan pomidoryň terligine alyjylara ýetirilmegi ugrundaky tagallalar hem ýerine düşýär. Ýeri gelende, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhana toplumynyň ekologiýa taýdan arassa, ýokumly önümlerine daşarky bazarda hem islegiň ýokarydygyny bellemek gerek.

Ýyladyşhananyň önümleri Russiýa, Gazagystan we Täjigistan ýaly ýurtlara yzygiderli eksport edilýär.

Ответить