Ýy­ly­my­zyň şy­ga­ry — kal­by­my­zyň çy­ra­gy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda her ýyly döwrebap atlandyrmak Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly bir asylly ýörelgesine öwrüldi.

2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2025-nji ýylyň «Halkara pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip atlandyrylmagynda milli pähim-paýhasa ýugrulan, örän çuň many bardyr. Çünki, bu şygaryň mazmunynda täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bardyr. Bu asylly maksat Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan baş ideýasydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýy­ly­my­zyň şy­ga­ry — kal­by­my­zyň çy­ra­gydyr. Bu çyrag tutuş halkymyzyň ruhy dünýäsini ýagtylandyryp, galkyndyryp, ildeşlerimizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrar.

         Biz tälimçi mugallymlar hem, «Halkara pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şygaryny baýdak ednip, şu şygaryň pähim-paýhasa ýugrulan çuň mazmuny esasynda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebinde tälim alýan ýaş türgenlerimizi terbiýeläris we döwlet we halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanmaga, ata Watanymyz Türkmenistanyň ýaşyl tuguny çempion ady belentde pasyrdatmaga ynam döredip ruhlandyrarys. Çünki, tälimçi bilen türgeniň arasyndaky ynam, birek-birege bolan ynanyşmak ähli üstünlikleriň, ýeňişleriň düýp esas özenidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, biz türgenlerimiziň ýylymyzyň belent şygaryndan ruhlanyp, uly ýeňişler gazanyp, 2025-nji — Halkara pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyny üstünlikli jemlejekdigine berk ynanýarys. Türkmen halkyna bolelin, eşretli durmuşy peşgeş beren, ýurdumyzyň sport ulgamyny halkara derejesinde ösdürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Kadyr Jumalyýew,

Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi.

Ответить