1-nji sentýabrda Arkadag şäherinde Robototehnika bilim merkezi açylýar

Ertir – 1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäherinde Robototehnika bilim merkezi açylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy.

Arkadag şäheriniň häkimi ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk, şu ýyl 1-nji synpa kabul edilen çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleri gowşurmak, Arkadag şäherindäki umumybilim berýän 1-nji orta mekdepde BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkezini açmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Arkadag şäheriniň orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, şeýle-de ýokary okuw mekdebinde täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanjakdygy barada aýdyldy.

Ответить