2024-nji ýylda «Changan Automobile» kompaniýasynyň öndürýän ulaglarynyň ortaça bahasy 575 amerikan dollary möçberinde gymmatlap, 8 müň 150 amerikan dollaryna deň boldy.

«Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar bermegine görä, «Changan Automobile» kompaniýasy şu ýylyň başynda uly meşhurlyk gazanyp ugrady. Has takygy, ol ýylyň başyndan bäri, 1,7 milliona golaý awtoulag satdy. Kompaniýanyň birinji ýarymýyllygynyň jemleri barada yglan eden hasabatynda onuň girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim artyp, 10,7 milliard amerikan dollaryna deň bolandygy nygtalýar.

Hasabata laýyklykda, «Changan Automobile» şu ýyl her gün ortaça 7 müň 422 sany ulag satypdyr. Şol bir wagtyň özünde şu ýyl kompaniýanyň öndürýän ulaglarynyň ortaça bahasy hem 575 amerikan dollary möçberinde gymmatlap, bu görkeziji 8 müň 150 amerikan dollaryna deň bolupdyr.

Ответить