2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Bakuda «iFest» innowasiýa we tehnologiýa festiwaly geçiriler
«iFest» innowasiýa we tehnologiýa festiwaly 2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Bakuwda «Kiçi we orta telekeçilik kärhanalary we klublary assosiasiýasy» (KOBSKA) jemgyýetçilik birleşiginiň guramasy tarapyndan geçiriler. «Report.az» bu barada assosiasiýanyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Maglumatlara görä, 1000-den gowrak işewüriň gatnaşmagynda geçiriljek festiwalyň çäginde 30-a golaý telekeçiniň sergisi, maýa goýujylaryň ýygnaklary («pitching»), işewürlik forumynyň tanyşdyrylyşy, özara pikir alyşmalar, tehnologiki görkezişler we gyzykly konsert programmasy bolar.
«iFest» innowasiýa we tehnologiýa festiwaly şu ýyl BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplar konferensiýasynyň şu ýylyň noýabr aýynda Bakuda geçiriljek 29-njy sessiýasynda (COP29) bagyşlanýar we «Ýaşyl tehnologiýa – ýaşyl dünýä üçin» şygary bilen geçirilýär.