2024-nji ýylyň birinji ýarymynda kriptomillionerleriň sany 172,3 müňe ýetdi

«Crypto Wealth Report» neşiriniň habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda kriptomillionerleriň sany 172,3 müňe ýetdi. Olaryň tas deň ýarysy, has anyk aýtsak, 85 müňden gowragy bitkoin kriptowalýutasynyň eýeleri bolup durýarlar.

Hasabat döwründe dünýäde ýene 6 sany kriptowalýuta milliarderi peýda boldy we olaryň umumy sany 28-e ýetdi. Eýelik edýän kriptowalýutalarynyň umumy bahasy 100 million amerikan dollaryndan geçýän adamlaryň sany bolsa 79 göterim artdy. Olar häzirki wagtda 325 sanydyr. Şeýlelik bilen, dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany soňky 12 aýda iki essä golaý artdy.

Ответить