2024-nji ýylyň iýul aýy: Halkara derejeli şanly wakalaryň taryhy ähmiýeti  

Türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzyň iýul aýy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkara ähmiýetli taryhy wakalara baý aýlaryň biri boldy.

         5-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana gelende resmi sapar bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen söhbetdeşligi geçirildi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatdaky işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol gün paýtagtymyz Aşgabatda hormatly myhmanyň gatnaşmagynda BMG-niň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, BMG-niň Türkmenistanda hereket edýän edaralarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri hem gatnaşdylar. BMG-niň täze binasynyň açylmagynyň esasy maksatlarynyň biri hem halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we sebitdäki durnukly ösüşe goldaw bermekden ybaratdyr. Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

         2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň weTürkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Howanyň üýtgemegi barada ýaşlaryň arasynda geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýygnagy geçirildi. Ýygnaga Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, BMG-niň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Azerbaýjanyň ýurdumyzdaky ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdy. Bu çärede geçen ýyl geçirilen ýaşlaryň ylmy-amaly maslahatynda gazanylan tejribäni oňyn özleşdirmek, şeýle hem Azerbaýjanda geçiriljek COP-29 we COY-19 halkara howanyň üýtgemegi barada ylmy-amaly maslahatlaryna taýýarlyklaryň alnyp barlyşy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Maslahatlaşmalarda bellenip geçilişi ýaly, dünýäde howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaşlaryň arasynda ylmy-amaly maslahatlary geçirmek, pikir alyşmalary gurnamak meýilleşdirilýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri şeýle çäreleri gurnamaga, daşky gurşaw meselelerini çözmek babatda başlangyçlary ýaşlara öwretmäge, öz tejribelerini paýlaşmaga ýakyndan ýardam bererler.

Bilbil Abayewa,

Baynazar Muhammedow.

Ответить