2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Daşkentde Merkezi Aziýanyň ilkinji bilim forumy geçiriler

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew  Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň «Akorda» köşgünde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda  şu ýylyň ýylyň oktýabr aýynda Daşkentde Merkezi Aziýanyň ilkinji bilim forumy geçirmekligi teklip etdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi web saýtynda habar berildi.

 Özbek Lideri  öz çykyşynda: «Merkezi Aziýa döwletleriniň Bilim ministrleriniň, öňdebaryjy uniwersitetleriniň rektorlarynyň, alymlarynyň we bilermenleriniň özara gatnaşyklaryny, bilelikdäki işlerini ýola goýsak, öňde goýan maksatlarymyza ýetmeklik, ýurtlarymymyzyň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýadyny has-da berkitmeklik ugrundaky tagallarymyz özüniň oňyn netijesini berer» – diýip belledi.     

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň şu ýylyň oktýabr aýynda Daşkentde Merkezi Aziýanyň ilkinji bilim forumyny Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Hut şu nukdaýnazardan-da, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Daşkentde Merkezi Aziýanyň ilkinji bilim forumy geçiriler.

Ответить