6-njy noýabrda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresi geçirilýär

5-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, 6-njy noýabrda geçiriljek ählihalk bag ekmek çäresine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Mejlisiň dowamynda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmäge hem-de däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşaw bilen bagly meseleleriň döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyna ünsi çekdi. Türkmenistan halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda olaryň köpüsi boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri şu gün, 6-njy noýabrda «ýaşyl» ekologiýa çäresiniň geçiriljekdigini aýdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi. Şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramak tabşyryldy.

Ответить